Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan prezidentiň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň 10 ýyllygyny belledi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanda prezidentiň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bellendi.

Bu sene bilen baglylykda milli metbugatda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň çap edilen beýanatynda Türkmenistanyň kanunyň hökmurowanlygy we milli demokratiýa ýaly ýörelgelere esaslanýandygy bellenýär, şeýle-de graždan jemgyýetçiligini ösdürýändigi, adamy döwletiň we jemgyýetiň iň beýik gymmatlygy hökmünde yglan edendigi aýdylýar.

2007-nji ýylyň 26-njy dekabrynda döredilen bu döwlet edarasynyň milli kanunlary kämilleşdirmek we olary halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça alyp barýan işi bilen, Türkmenistanyň adam hukuklarynyň berjaý edilmegine degişli halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine goşant goşýandygyny ýurduň resmi mediasy habar berdi.

Iri halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy adam hukuklaryny dünýä derejesinde iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda Demirgazyk Koreýa bilen deň derejede agzalyp gelýär.

XS
SM
MD
LG