Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran resmileri protestlere garşy duýduryş berýär, ABŞ 'parahat' geçişe çagyrýar 


Maşatly protetçiler

ABŞ Eýranda hökümetiň“parahatçylykly çalşyrylmagyna” çagyrsa-da, Eýranyň polisiýasy Tähranda we ýurduň günbataryndaky Kermanşah şäherinde onlarça demonstrasiýaçyny tussag edip, protestçilere täze ýörişleri geçirmezligi duýdurdy

Bahalaryň galmagyna garşy girişilen ýöne soňlugy bilen syýasy äheňe öwrülip, Eýranyň dürli şäherlerine tutaşan protest çäreleriniň ikinji gününde, ýagny 29-njy dekabrda Tähran welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mohsen Hamadani döwlet mediasynda çykyş edip, ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň mundan soňky gurnaljak üýşmeleňlere garşy berk çäre görjekdigini aýtdy.

“Beýle protestleriň geçirilmegine rugsat rugsat berilmedi” diýip, ol aýdypdyr.
Eýran häkimiýetleriniň duýduryşlaryna garamazdan, ABŞ-nyň Döwlet departamenti we Ak tam beýanat ýaýradyp, protestçileriň tussag edilmegini ýazgardy we olaryň söz azatlygyna rugsat berilmegini talap etdi.

“Eýranda korrumpirlenen režimden doýan we režimiň halkyň baýlyklaryny daşary ýurtdaky terrorçylara akdyrmagyndan nägile protestçiler parahatçylykly demonstrasiýa çärelerini guraýarlar diýen habarlar gelip gowuşýar” diýip,Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders aýtdy.

“Eýranyň hökümeti öz halkynyň hukuklaryna, şol sanda olaryň özlerine beýan etmek hukuklaryna sarpa goýmaly. Bütin dünýä synlaýar” diýip, ol belledi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň “Eýranda hökümetiň parahatçylykly çalşyrylmagyna ýol açyp biljek elementler” diýip häsiýetlendiren toparlara onuň goldaw bermäge çagyrandygyny mälim etdi.

“Biz ähli döwletleri Eýranyň halkyna arka durmaga we adamlaryň öz ýönekeý hukuklaryny, şeýle-de olaryň korrupsiýanyň soňuna çykylmagyny talap etmeklerini aç-açan goldamaga çagyrýarys” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert aýtdy.

Eýranyň dini wekilleri hem protestçileri belli bir derejede ruhlandyrdy.
“Olaryň protestleri, şeýle-de beýleki adamlaryň bahalaryň galmagyna reaksiýa görkezmekleri gürrüňsiz adalat” diýip, Eýranyň ikinji iň iri şäheri bolan Maşadyň orta derejeli din resmisi Ahmad Alam al-Hoda aýtdy. Protestler 28-nji dekabrda Maşatda başlady.

Ýöne bu protestler “duşmançylykly media iýmit hödürläp, pitneçiligi propaganda edýän bolaýmasyn” diýip, al-Hoda sorag berýär. Bu terminler köplenç ýurtda garaşsyz media serişdeleri agzalanda ulanylýar.

Maşadyň Rewolýusion sudunyň başlygy Hosseýin Haýdari: “Biz protestlere adamlaryň hukugy hökmünde garaýarys, ýöne eger-de käbir adamlar bu duýgulardan hyýanatçylykly peýdalanyp, täze tolkun başlatsabiz garaşmarys, göni garşy çykarys” diýdi. Beýle kommentariý ozal görlüp-eşidilmedik ýagdaýdy.

Beýleki ruhanylar protestleri “yslama gabat gelmeýär” diýip ýazgardylar we olaryň arkasynda Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň durandygyny aýtdylar.
Ýöne Eýranyň sürgündäki ozalky şazadasy Reza Pahlawi demonstrasiýaçylara ýüzlenip “Bu nägilelik Eýranda teokratiýanyň ýykylmagynyň milli talapdygyny görkezdi” diýdi.

29-njy dekabrda “Fars” we “Mehr” ýarym-resmi habar agentlikleri Kermanşahda ýörişe gatnaşyp, “syýasy tussaglar azat edilmeli”, “ölüm ýa-da azatlyk” diýip gygyrýan 300-e golaý adamy polisiýanyň dargadandygyny habar berdi.

Tassyklanmadyk maglumatlara görä Kermanşahda geçirilen demonstrasiýalarda 29-njy dekabr güni 50 çemesi adam tussag edilipdir. Şondan bir gün ozal Maşatda ýüzlerçe adam bahalaryň galmagyna garşy syýasy şygarlar aýdyp, protest çäresini geçirdiler.

Sosial mediada peýda bolan bir wideoda Kermanşahyň merkezindäki Azadi skwerinde “Diktatora ölüm”, “Halk garyp düşdi; lider özüni Hudaý ýaly alyp barýar” diýip gygyrýan protestçiler görkezilýär.

Protestçileriň şygarlarynda ady agzalmazdan ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýi bilen prezident Hasan Rohani nyşana alnana meňzeýär.
Başga-da birnäçe şäherlerde, şol sanda Raştda, Ahwazda, Gazwinde, Komda, Yspyhanda we Hamadanda şuňa meňzeş protest çäreleriniň geçirilendigi habar berildi.

Döwlet mediasy Tähranda birugsat geçirilen üýşmeňlere gatnaşýan 40-a golaý adamyň tussag edilendigini Hamadanä salgylanyp habar berdi.

Hamadani Maşatda turan protestleriň fonunda kanun goraýjy gulluklaryň islendik ýygnanyşyga garşy berk çäre görjekdigini aýdypdyr.

Eýranda syýasy ýörişlere örän seýrek ýagdaýda duş gelse bolýar, ýöne ykdysady ýagdaýlar, şol sanda iş orunlarynyň kemeldilmegi, aýlyklaryň gijikdirilmegi we bahalaryň aşa galmagy sebäpli demonstrasiýalar häli-şindi geçirilip durulýar.

“Fars” habar agentligiMaşatda 28-nji dekabr güni geçirilen protestlerden soň polisiýanyň 52 adamy tussag edendigini habar berdi. Ýarym resmi “Ilna” habar agentligi 28-nji dekabrda Neýşaborda, Kaşmarda, Ýaztda we Şahrotda kiçi gerimli protestleriň geçirilendigini habar berdi.

Sosial mediada Maşatdan paýlaşylan wideolarda protestçiler “Diktatora ölüm”, “Ruhani ölsün” diýip gygyryşýarlar, polisiýa bolsa ýygnananlary dargatmak üçin suw toplaryny ulanýar.

Ýygnananlardan käbirleri “Siriýany öz gününe goý, biz hakda oýlan” diýip, Eýranyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada harby we maliýe goldawyny bermegini ýazgardylar. Assadyň hökümet güýçleri bilen onuň garşydaşlarynyň arasynda dowam edýän uruşda ýüzmüňlerçe adam wepat boldy.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar agentligi protestler barada Maşadyň häkimi Rahim Norouzianyň “şäherde ‘Bahalaryň galmagyndan nägile’ şygary astynda gurnalýan bikanun ýygnanyşyk geçirilýär” diýendigini habar berdi.

Rohaniniň ýarany wise-preziddent Eşak Jahangiri prezidentiň barlyşyksyz garşydaşlarynyň Maşatda protest çärelerine başlan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Jahangiri “IRNA” habar agentliginde eden çykyşynda: “Haçan-da sosial ýa-da syýasy hereketlenmeler köçede başladylsa, olaryň arkasyndaky güýçler soňlugy bilen hereketlenmelere gözegçilik edip bilmeýärler” diýdi.

“Şeýle hadysalaryň arkasyndaky güýçler öz gazan çukurlaryna özleri düşýär. Beýle etmek bilen olar hökümeti ynjydarys öýdýärler” diýip, ol duýdurdy.
Eýranda zerur harytlaryň bahalary, şol sanda ýumurtganyň bahasy soňky wagtlarda 40 göterim gymmatlady.

Eýranyň Merkezi banky ýurtdaky inflýasiýa görkezijisi 10 göterim diýýär.
Rohaniniň gazanan iň esasy üstünliginiň, ýagny 2015-nji ýylda Eýranyň jedelli ýadro programmasynyň togtadylmagynda sanksiýalaryň esasy bölegini ýatyrýan halkara ylalaşygyň höziri entek doly göze ilenok ýöne hökümet ýakyn wagtda ösüşiň boljakdygyny aýdýar.

Eýranyň Statistika merkezi ýurtdaky işsizligiň derejesiniň12.4 göterimdigini aýdýar. Bu görkeziji geçen ýyla garanyňda ýurtda işsizligiň 1.4 göterim ýokary galandygyny aňladýar. Eýranyň 80 million ilatynyň takmynan 3.2 milliony işsiz.

XS
SM
MD
LG