Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus uçary Siriýada urlup ýykyldy, pilot öldürildi


Su-25 uçarlary

Orsýetiň Goranmak ministrligi 3-nji fewralda Siriýanyň asmanynda rus söweş uçarynyň urlup ýykylandygyny, pilotyň wepat bolandygyny tassyk etdi.

Ministrligiň beýanatynda pilotyň uçardan böküp ýetişendigi, emma Siriýanyň hökümetine garşy uruşýan pitneçileriň ýesir almagyna garşylyk görkezende öldürilendigi aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda deslapky derňewleriň uçaryň egne göterilýän uçara garşy raketa bilen urlandygyny görkezýändigi bellenilýär.

Siriýanyň düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasy biraz öň pitneçi güýçleriň Siriýanyň demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibde Su-25 uçaryny urup ýykandygyny habar berdi.

Bu işiň jogapkärçiligini “Hayat Tahrir al-Şam” atly jyhadçylar topary öz boýnuna aldy.

XS
SM
MD
LG