Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň söwda merkezindäki ýangynda bir adam öldi, başga-da 100-den gowragy ewakuasiýa edildi


Moskwadaky “Perseý Dlýa Deteý” söwda merkezi
Moskwadaky “Perseý Dlýa Deteý” söwda merkezi

Moskwada çagalaryň harytlary satylýan söwda merkeziniň ýokary etažyndaky ammarda dörän ýangyndan soň, bu ýerden 100-den gowrak adam ewakuasiýa edildi diýip, Orsýetiň mediasy habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar agentligi saglyk işgärine salgylanyp, 4-nji aprelde “Perseý Dlýa Deteý” söwda merkezinde bolan ýangynda bir adamyň ölendigini ýazýar.

Media serişdeleriniň maglumatyna görä, adatdan daşary ýagdaýlar we ýangyna garşy göreş gullugynyň resmileri binadan azyndan 115 adamyň ewakuasiýa edilendigini aýdýarlar.

Ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleri Moskwanyň gündogaryndaky 6,000 m2 meýdany eýeleýän we dört etaždan ybarat binada adamlaryň galandygyny ýa-da galmandygyny gözleýärler.

Ýakynda Sibiriň Kemerowo şäherindäki söwda merkezinde bolan ýangynda 64 adam, şol sanda 41 çaga ölüpdi. Şol ýangyn şuňa meňzeş binalarda ýangyn howpsuzlygy boýunça aladalary artdyrypdy.

XS
SM
MD
LG