Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky içalynyň zäherlenmegi üstündäki çekeleşik Himiki ýaraglary gadagan etmek guramasyna çykaryldy


Haaga. Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramada geçýän duşuşyk Orsýet tarapyndan çagyryldy.
Haaga. Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramada geçýän duşuşyk Orsýet tarapyndan çagyryldy.

Orsýet bilen Günbataryň arasynda Angliýada zäherlenen ozalky rus içalysy üstünde turan çekeleşik global himiki ýaraglar guramasyna baryp ýetdi we olar bu mesele barada ýapyk gapylaryň arkasynda maslahat edýärler.

4-nji aprelde Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramada, Haagada geçirilýän duşuşyk Orsýet tarapyndan çagyryldy. Moskwa özüniň bu zäherlemäniň arkasynda durandygyny ret edýär.

Britaniýanyň bu guramadaky delegasiýasy Moskwanyň Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmeginiň bilelikdäki britan-rus derňewi baradaky teklibini “bolmajak zat” hökmünde ret etdi.

"Bu diwersion taktika, rus häkimiýetleriniň jogap bermeli soraglardan gaçalak etmegi üçin has kän ýalňyş maglumat ýaýradylmagyna” niýetlenen diýip, britan delegasiýasy duşuşyk wagtyndaky twitter beýanatynda aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň duşuşyk mahalynda okalan beýanatynda bolsa, Orsýetiň britan hökümetiniň kanuny soraglaryna jogap bermeginiň örän wajypdygy, Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramanyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk edip başlamalydygy, şeýle-de bu gurama doly wehemme taraplaýyn aýdyň jogap bermelidigi aýdylýar.

Berlinde, german hökümetiniň sözçüsi özleriniň Britaniýanyň garaýyşlaryna gol ýapýandyklaryny, ýagny bu hüjümiň arkasynda Orsýetiň duran bolmagynyň örän ahmaldygyny belledi. “Hiç zat üýtgemedi” diýip, Ulrike Demmer aýtdy.

Britaniýa Orsýeti66 ýaşyndaky Sergeý Skripaly we onuň 33 ýaşyndaky gyzy Ýuliýany zäherlemek üçin nerw agentini ulanmakda aýyplady. Olar 4-nji martda günortadaky Salisburi şäherinde skameýkada otyrkalar çaşyp, agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi.

Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramanyň ekspertleri wakanyň bolan ýerinden nusgalary alyp, analizlemek üçin ygtybarly laboratoriýalara iberdiler we şindi hem barlagyň netijelerine garaşýarlar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 3-nji aprelde Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky guramanyň duşuşygynyň bu zäherleme üstünde turan ullakan diplomatiki dawany çözmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi.

Britaniýa, Birleşen Ştatlar we ýene ýigrimiden gowrak ýurt, NATO, bu zäherlemä jogap edip,jemi 150-den gowrak rus diplomatyny kowdy we Moskwa hem muňa edil şunuň ýaly hereket bilen jogap berdi.

Putin britan laboratoriýasynyň başlygynyň žurnalistlere bu nerw agentiniň “anyk çeşmesiniň” heniz belli däldigi we indi anyklanylmalydygy barada aýdan sözlerine ýapyşyp, Britaniýany we beýleki günbatar ýurtlaryny düýpli delil ýok ýerinden Moskwany günäkärlemägehowlukmakda aýyplady.

Britaniýanyň Porton Downdaky goranyş laboratoriýasynyň baş ýerine ýetirijisi Gary Aitkenhead 3-nji aprelde "Sky News" telekanaly bilen söhbetdeşlikde alymlar entek ulanylan nowiçok ýaragynyň “anyk çeşmesini tassyklamadylar” diýdi.

Ýöne ol munuň ýaly ýokary derejeli zäherli himiki ýarag hüjüminiň “belki-de diňe döwlet aktýorynyň elýeterinde bolup biljekdigini” hem belledi.Şeýle-de ol bu zäheriň nirede öndürilendigini aýtmagyň laboratoriýanyň işi däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG