Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina-NATO harby türgenleşikleri başlady


Harby türgenleşiklere 14 döwletiň, şol sanda ABŞ-nyň we NATO agza başga-da dokuz ýurduň 2 müň 200 esgeri gatnaşýar.

Ukraina NATO agza 10 ýurt bilen birlikde ýurduň günbatarynda bilelikdäki harby türgenleşiklere başlady.

Bu Moskwanyň Ukrainynyň Krym ýarymadasyny basyp almagy we ýurduň gündogarynda separatistleri goldamagy netijesinde Russiýa bilen dörän dartgynly gatnaşyklaryň fonunda bolup geçýär.

Türgenleşikler Lwow regionynyň Gury ýer goşunlarynyň akademiýasynda başlandy. Oňa 14 döwletiň, şol sanda ABŞ-nyň we NATO agza başga-da dokuz ýurduň 2 müň 200 esgeri gatnaşýar.

Harby türgenleşik 15-nji sentýabra çenli dowam eder.

ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Marie Ýowanowiç açylyş dabarasynda eden çykyşynda türgenleşige gatnaşýan ähli döwletiň “Ukrainanyň howpsuzlygynyň, Ukrainanyň özygtyýarlygynyň we Ukrainanyň territorial bütewiliginiň tarapynda durýandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG