Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml fransuz lideriniň Putiniň ÝB-ni bölmegi ‘arzuw edýändigi’ baradaky belliklerini ret etdi


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Kreml Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň rus prezidenti Wladimir Putiniň Ýewropa Bileleşiginiň dargamagyny “arzuw edýändigi” baradaky belliklerini ret etdi.

Makron geçen hepdäniň aýagynda Şwesiýanyň telekanalyna beren interwýusynda Putiniň Ýewropa Bileleşigini bölmek arzuwlaryna garamazdan, onuň bilen işleşmek isleýändigini aýdypdy.

Duşenbe güni bolsa, Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu aýdylanlary ret etdi.

“Biz Ýewropa Bileleşiginiň durnukly bolmagyny we ösmegini isleýäris. Prezident Putin muny birnäçe ýagdaýda açyk äşgär etdi. Muny üýtgetmek planlarymyz ýok” diýip, Peskow Moskwada žurnalistlere aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG