Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO “Sowuk urşy döwründen bäri iň uly harby türgenleşigini geçirýär”


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň sözlerine görä, türgenleşiklere 65 gämi, 250 uçar, 10 müň ulag we şahsy düzümiň 50 müň agzasy gatnaşar.

NATO Sowet Soýuzy dargaly bäri özüniň iň giň gerimli harby-türgenleşik çäresine başldy.

Günbatar ýaranlygyň başlygy onlarça müň esgeriň gatnaşmagynda geçirilýän bu türgenleşigi Ýewropada howp-hataryň barha artýan döwri mümkinçiligiň we jebisligiň “aýdyň yşaraty” boljakdygyny aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň sözlerine görä, 25-nji oktýabr-7-nji noýabr we 13-24-nji noýabr aralygynda geçiriljek türgenleşiklere 65 gämi, 250 uçar, 10 müň ulag we şahsy düzümiň 50 müň agzasy gatnaşar.

Moskwa öz serhetlerine golaý sebitlerde geçirilýän türgenleşikleri tankytlady. 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen basyp alan we ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldaýan Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly bolmagyna galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG