Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain polisiýasy rus prawoslaw kiliselerinde gözleg geçirýär


Keýewdäki Keramatly Mihaýil monastyry.

Ukrainanyň polisiýasy rus prawoslaw kiliseleriniň birnäçesinde we rus prawoslaw ruhanylarynyň öýlerinde gözleg işlerini geçirdi.

Ukrainanyň esasy howpsuzlyk gullugy SBU-nyň maglumatyna görä, gözleg işleri Kiýewde we onuň golaýyndaky Žytomyr regionynda geçirilipdir. Bu ýigrenji we gazaplylygy möwjetmek aýyplamalary esasynda geçirilýän jenaýat derňewiniň çäklerinde amala aşyryldy.

Polisiýa gözleg işleriniň rus prawoslaw kilisesine degişli ruhanylaryň öýlerinde geçirilendigini mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Russiýanyň Prawoslaw Kilisesi 20 töweregi ruhanynyň SBU tarapyndan soraga çekilendigini aýtdy.

Prawoslaw hristiýanlarynyň baş ruhy merkezi hasaplanýan Stambuldaky guramasy Ukrainanyň Prawoslaw kilisesine Moskwadan garaşsyzlygyny kepillendirmek ugrunda ädim ädipdi. Rus kilisesi muňa çürt-kesik garşy çykdy.

Bu aralykda kiliseleriň, monastyrleriň we taryhy emläkleriň eýeçiligi ugrundaky soraglar sebäpli dartgynlylyklar güýçlenýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG