Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň goşun generaly Kabula sapar edýär


ABŞ-nyň goşun generaly Mark Milleý Owganystanyň prezidenti Ashraf Ghani bilen gepleşik geçirýär, 4-nji ýanwar, 2019

ABŞ-nyň goşun generaly Mark Milleý owgan liderleri bilen gepleşmek üçin Kabula sapar edýär, diýip Owganystanyň prezidentiniň edarasy habar berdi.

Prezident Aşraf Ghaniniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, 3-nji ýanwarda geçirilen iktaraplaýyn gepleşiklerde ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasy we söweşijiler bilen alnyp barylýan Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk prosesine ABŞ-nyň berýän goldawy ara alnyp maslahat edilipdir.

Owganystanyň içeri işler ministri Amrullah Saleh we Goranmak ministri Asadullah Haled, ABŞ-nyň generaly Scott Miller, NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystandaky resmileri maslahata gatnaşypdyr.

Bu gepleşikler ABŞ-nyň Owganystanda 17 ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak üçin "Talybanyň" we owgan hökümetiniň arasynda gepleşikleri janlandyrmak boýunça alyp barýan tagallalaryna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG