Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda dissidentleri goran abraýly aklawçy Faiziniso Wohidowa aradan çykdy


Faiziniso Wohidowa
Faiziniso Wohidowa

Onlarça ýyllap dissidentleri, adam hukuklaryny goraýjylary we oppozision syýasatçylary goran täjigistanly aklawçy Faiziniso Wohidowa 55 ýaşynda aradan çykdy.

Wohidowanyň gelni Tahmina Rahimowanyň 4-nji ýanwarda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, onuň gaýyn enesi gije Bobojon Gafurow etrabynyň keselhanasynda ýogalypdyr.

Faiziniso Wohidowanyň ýogalmagyna öýken çişmesiniň sebäp bolandygyny Rahimowa aýtdy.

Moskwanyň döwlet uniwersitetini tamamlan Wohidowa aklawçy karýerasyna 1995-nji ýylda başlapdy. Ol Täjigistanda oppozision şahsyýetleri, žurnalistleri we gynamalaryň pidalaryny kanun kömegi bilen üpjün eden sanlyja aklawçylaryň biridi.

Adam hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasynyň ýuristi Stewe Swerdlow Wohidowanyň aradan çykmagyny "Täjigistan üçin ägirt uly ýitgi" diýip atlandyrdy we ony batyr aklawçylaryň aklawçysy hökmünde häsiýetlendirdi.

Esasan musulman ilatly öňki sowet ýurdy Täjigistan adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygy üçin ýygy-ýygydan tankyt edilýär.

Faiziniso Wohidowanyň gelni onuň 4-nji ýanwarda Bobojon Gafurow etrabynyň gonamçylygynda jaýlanjagyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG