Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ýene 1 million 50 müň tonna 'mejbury' pagta öndürmegi planlaşdyrdy


Aktiwistler pagtaçylykda mejbury zähmetiň bes edilmegine çagyrýarlar. Arhiw suraty

Türkmenistan şu ýyl 550 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar.

Döwlet tarapyndan kesgitlenýän pagta planyny doldurmak her ýyl güzap bolýar we bu ýagdaý sowet döwründen gelýän mejbury zähmetiň saklanyp galmagyna, üstesine daýhanlaryň barha garyplaşmagyna, netijede daşary ýurtlara iş gözläp gidýänleriň köpelmegine alyp gelýär diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda Halk maslahatynda çykyş edip, oba hojalygyndaky problemalary bölekleýin boýun aldy we öz tekliplerini hödürledi.

Bu teklipleriň içinde döwletiň önüm satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, gowy işlemeýän kärendeçileriň ýerlerini almak we käbir adamlara uzak möhletli ýer bermek, kärendeçilere öz ýerleriniň 70 prosentine gowaça, bugdaý ekip, galan bölegine beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge rugsat bermek çäreleri hem bar.

Şeýle-de kärendeçilere tehnika satyn almak üçin ýeňillikli karzlaryň beriljegi aýdyldy.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri üçünji oba hojalyk syýasatyny yglan edýär. Mundan öňki syýasatlaryň hiç biri garaşylýan netijäni bermedi.

G.Berdimuhamedow bu ýagdaýy esasan resmilere käýinç bermek, kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmak bilen çözjek bolýar.

Ol geçen ýylyň jemleri boýunça geçuren hökümet maslahatynda täze döreden Suw hojalygydöwlet komitetine A.Ýazmyradowy, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine M.Baýramdurdyýewi ýolbaşçy belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG