Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban “owganlaryň içindäki” gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi


"Talybanyň" Katardaky syýasy geňeşiniň ýolbaşçysy Şer Mohammad Abbas Stanakzaý
"Talybanyň" Katardaky syýasy geňeşiniň ýolbaşçysy Şer Mohammad Abbas Stanakzaý

“Talyban” topary Moskwada geçiriljek “owganlaryň içindäki” diýip atlandyrylan gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi. Bu duşuşykda tanymal owgan şahsyýetlerini, şol sanda öňki prezident Hamid Karzay, oppozision şahsyýetleri we tire-taýpa liderlerini bir ýere jemlemek göz öňünde tutulýar. Ýöne oňa hökümet resmileri gatnaşmaýar.

Bu duşuşygyň 5-nji fewralda başlanmagyna we iki gün dowam etmegine garaşylýar.

Russiýadaky owgan diasporasynyň guramasy “Owgan jemgyýetiniň geňeşiniň” 4-nji fewralda Kabulda ýaýradan beýanatyna görä, bu duşuşyk agzalýan geňeş tarapyndan guramalaşdyrylypdyr.

Russiýanyň hökümeti bu duşuşygy guramalaşdyrmagy ret etdi. Birleşen Ştatlar häzirlikçe bu duşuşyk barada kommentariýa bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG