Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan palestin bosgunlaryna kömek edýän agentlige $1 mln eçildi


BMG-niň Kömek we işler agentliginiň komissary Pierre Kraehenbuehl, arhiw suraty

Owganystanyň hökümeti BMG-niň palestinaly bosgunlara goldaw berýän esasy agentligine 1 million dollar kömek berdi.

Owganystanyň Türkiýedäki ilçisi Abdul Rahim Sayed Jan 3-nji martda Stmabulda bolan dabarada bu serişdäni BMG-niň Kömek we işler agentliginiň komissary Pierre Kraehenbuehle gowşurdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly Kabuly bu jomartlygy üçin öwdi we, owgan halkynyň çekýän horluklaryna garamazdan, onuň “bu oňyn işi bilen halkara doganlygynyň iň owadan nusgasyny” görkezendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylyň awgustynda BMG-niň bu agentliginiň ähli maliýeleşdirmesini kesjekdigini yglan etdi.

BMG-niň Kömek we işler agentligi 5 million çemesi palestin bosgunyna hyzmat edýändigini aýdýar. Olaryň köpüsi Palestinadan 1948-nji ýylyň urşunda gaçan adamlaryň nesilleri, bu uruş Ysraýyl döwletiniň döremegine alyp geldi.

Bu agentligiň ýyllyk býujeti $925 million çemesi bolup, bu serişde halkara peşgeşleri arkaly toplanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG