Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mazar-e Şarifde owgan polisiýasy öz aralarynda çaknyşdy


Balh welaýatynyň ozalky häkimi Ata Mohammad Noor

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazer-e Şarif şäherinde ozalky welaýat häkimine ygrarly polisiýa işgärleri bilen merkezi hökümetiň ýörite polisiýa güýçleriniň arasynda ok atyşyk ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, çaknyşyk Balh welaýatynda ýörite polisiýa güýçleriniň täze bellenen polisiýa başlygy Abdul Rakib Mobarez bilen polisiýanyň baş edarasyna barýan pursady ýüze çykypdyr.

Mobarezi polisiýanyň başlygy wezipesine Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani belledi.

Ol 14-nji martda Mazar-e Şarifiň aeroportyna gondy. Emma, Balh welaýatynyň ozalky häkimi Ata Mohammad Noora ygrarly welaýat polisiýasy Mobareziň ýoluny böwetledi.

Ozalky meýdan komandiri, etniki täjik Noor bu wezipä öz saýlan adamyny goýmak isleýär.

Keselhana resmileiriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, penşenbe güni ýüze çykan ok atyşykda azyndan 13 adam, şol sanda sekiz polisiýa ofiseri ýaralanypdyr.

Mobarez Içeri işler ministrliginiň güýçleriniň goldawy netijesinde polisiýanyň baş edarasyna girmegi başardy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG