Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda ABŞ-nyň üç esgeri, bir amerikan potratçysy öldi


Owganystanyň kartasy

Owganystanda NATO-nyň howa bazasynyň golaýyndaky ýoluň kenarynda bolan bomba partlamasynda Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň üç agzasy we amerikan potratçysy öldi.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň 8-nji aprelde ýaýradan beýanatyna görä, dört amerikan raýaty 8-nji aprelde Kabulyň ortaça 50 kilometr demirgazygyndaky Bagram howa bazasynyň golaýynda öldürildi.

Partlamada üç amerikan esgeri hem ýaralandy we olar saglyk bejergilerini alýarlar diýlip, beýanatda bellenilýär.

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby güýçleriniň metbugat wekili polkownik Dawid Butleriň sözlerine görä, bombaly ulag NATO-nyň howpsuzlyk kerweniniň golaýynda partladyldy.

“Talyban” özüniň janyndan geçen bombaçysynyň partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy Parwan welaýatynyň Bagram etrabyndaky bazanyň golaýynda partladandygyny aýtdy.

Ýerli resmiler partlamanyň netijesinde parahat ilatdan azyndan bäş owgan raýatynyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG