Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň sudy Nawalnyýnyň hukuklarynyň bozulandygy barada karar çykardy


Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnyý
Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnyý

Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy (ECHR) 2014-nji ýylda rus häkimiýetleriniň oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyýny öý tussaglygynda saklamak arkaly onuň hukuklaryny bozandygy barada karar çykardy.

2014-nji ýylyň fewralynda Nawalnyý öý tussaglygyna ýerleşdirilip, onuň birnäçe aý öýünden çykmagy gadagan edilipdi. Ol şonda “Yves Rocher” diýlip atlandyrylýan sud işi bilen baglanyşykly maliýe jenaýatlarynda güman edilip, derňew edilýärdi. Nawalnyý we onuň goldawçylary bu sud işiniň syýasy matlaplydygyny aýdypdylar.

“Oňa girizilen çäklendirmeler, şol sanda onuň aragatnaşygyna girizilen çäkler onuň ýüzbe-ýüz bolan jenaýat aýyplamalaryna gabat gelmeýär” diýlip, Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň 9-njy aprelde ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Şeýle-de, sud Russiýanyň Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça konwensiýasyny bozandygy barada karar çykardy.

“Onuň köpçülikdäki işlerini çäklendirmek üçin onuň bilen şeýle çemeleşendikleri çemeli” diýip, Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy belleýär.

XS
SM
MD
LG