Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Birleşen Ştatlaryň kararyny ýazgardy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Ştatlaryň Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusyny daşary ýurt terrorçy guramasy (FTO) diýip atlandyrmak baradaky kararyny ýazgardy.

9-njy aprelde telewideniýede eden çykyşynda Rohani Waşingtonyň bu hereketiniň “ýalňyşdygyny” aýdyp, Birleşen Ştatlaryň “global terrorçylygyň” hakyky “lideridigini” öňe sürdi.

“Sen kim bolup, rewolýusiýa institutlaryny terrorçy diýip ykrar edvqrsi[?” diýip, Rohani aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň “terrorçy toparlary regiondaky döwletlere garşy gural hökmünde ulanmak” isleýändigini hem belledi.

Rohani bu baradaky çykyşyny, ABŞ-nyň prezidenti Doanld Tramp Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusyny Döwlet departamentiniň daşary ýurt terrorçy guramalary sanawyna goşmak baradaky kararyny yglan edenden bir gün soň etdi. Bu Waşingtonyň ilkinji gezek başga bir ýurduň harby birleşigini terrorçy gurama diýip ykrar edişidir.

Mundan öň Birleşen Ştatlar Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy korpusyna goşulan onlarça guramany we adamy özüniň gara sanawyna goşupdy. Ýöne öň guramanyň özüni tutuşlygyna sanawa goşmandy.

XS
SM
MD
LG