Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” söweşijileri Gunduzyň eteklerine hüjüm etdiler, Kabulda partlama boldy


 Nangarhar. Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogyani
Nangarhar. Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogyani

Ýyllyk güýz hüjümlerine başlanýandygy yglan edileninden bir gün soň “Talyban” söweşijileri Owganystanyň demirgazyk şäheriniň eteklerine hüjüm etdiler, Kabulda partlama boldy.

13-nji apreldäki zorlukly wakalar Birleşen Ştatlaryň “Talyban” bilen parahatçylygy ýola goýmak tagallalaryny dowam etdirip, şu aýyň aýagynda Katarda täze tapgyr gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrýan wagtynda boldy. Gunduz şäherindäki regional hassahananyň başlygy Naeem Mangal “Agence France-Presse” habar gullugyna şäher etegindäki söweşlerde azyndan sekiz adamyň öldürilendigini, 62 adamy ýaraly bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda Kabulda polisiýanyň merkezi stansiýasy hüjüm astyna düşdi, ol ýerdäki harby maşyna iki sany el granaty zyňyldy. Bu soňky hepdelerde şeýle uly hadysalaryň ilkinjisi boldy. Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi azyndan bir adamyň öldürilendigini, alty adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Bada-bat hüjüm jogapkärçiligini öz üstüne alan tapylamdy.

Günbatardaky Ghor welaýatynda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan ýedi agzasy talyban hüjümi netijesinde heläk boldy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Abdul Hai Khatibi aýtdy.

Gündogardaky Nangarhar welaýatynda 12-nji aprel güni giçlik ýük maşynynda goýlan bomba partladyldy. Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogyani owgan esgerleriniň ikisi, talyban söweşijileriniň 27-si öldürildi diýdi.

XS
SM
MD
LG