Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hijabyny aýran eýranly protestçi bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Wida Mowahed, Tähran, Ynkylap köçesi, 27-nji dekabr, 2017 ý.
Wida Mowahed, Tähran, Ynkylap köçesi, 27-nji dekabr, 2017 ý.

Yslam borçlary boýunça jemgyýetçilige çykanda öz ýüzüni örtmek üçin geýmeli bolan hijabyny, baş örtügini aýryp, hijaba garşy protestleri ruhlandyran eýranly aýal bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, emma ýokary ruhany lideri onuň günäsini geçdi diýip, protestçiniň aklawçysy aýtdy.

Aklawçy Payam Derefşan 14-nji aprelde Wida Mowahediň martda, sud jemgyýetçiligi “bozuklyga” hyjuwlandyrmakda günäli tapandan soň, türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdy. Mowahed noýabrda tussag edildi.

Derefşan Mowahed günäsi geçilenleriň sanawynda, emma boşadyş prosedurasy şindi dowam edýär diýdi.

Eýran häkimiýbetleri bu aýdylýanlara hiç bir düşündiriş bermediler.

Ýokary ruhany lider aýatollah Ali Khamenei wagtal-wagtal günä geçiş kararlaryny çykarýar.

32 ýaşyndaky Mowahed “Ynkylap köçesiniň gyzy” diýlip tanalýar we 2017-nji ýylyň dekabrynda hem, baş örtüsini aýryp, Tährandaky Ynkylap köçesindäki ýardam gutusynyň üstünde, märekäniň içinde ýaglygyny şemala tutup duranyndan soň, gysga wagt tussag edildi.

Häkimiýetler şondan soňky ýylda bu hili aýyplama bilen 29 aýaly tussag etdiler.

XS
SM
MD
LG