Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudanyň täze harby dolandyryş geňeşiniň başlygy başir režiminiň köküni köwlemegi wada berýär


Protestçiler. Khartoum, 12-nji aprel, 2019
Protestçiler. Khartoum, 12-nji aprel, 2019

Sudanyň täze harby dolandyryş geňeşiniň başlygy gijeki komendant sagadyny ýatyrdy we 11-nji aprelde häkimiýetden çetleşdirilen awtokrat prezident Omar al-Başiriň “režiminiň” we “simwollarynyň” “köküni köwlemegi” wada berdi.

"Men döwlet gurluşlarynyň kanuna laýyklykda täzeden guruljagyny yglan edýärin we korrupsiýa garşy göreşmegi, režimiň we onuň simwollarynyň köküni köwlemegi wada berýärin” diýip, general Abdel Fattah al-Burhan 13-nji aprelde aýtdy.

Bir gün öň geňeş başlygy hökmünde kasam kabul eden Burhan geňeşiň protest liderleri we beýleki oppozisiýa güýçleri bilen maslahatdan soň siwil hökümet gurmak barada beren wadasyny gaýtalady we geçiş möhletiniň iki ýyldan uzaga çekmejegini aýtdy.

Emma Başir häkimiýetden çetleşdirilenden soň has çalasyn hereket edilmegine çagyrýan protestçiler harby geňeşiň häzire çenli görýän çäreleriniň kanagatlanarly däldigini aýdýarlar.

75 ýaşyndaky Başir häkimiýeti 1989-njy ýylda, harby addarlyşyk esasynda eýeledi we ýurdy barha güýçlenýän awtokratik häsiýetde dolandyrdy. Onuň 30 ýyllyk dolandyryşy dört aýa çeken protestlerden soň, häkimiýetden çetleşdirilmegi we tussag edilmegi bilen soňlandy.

Harby geňeş Başiriň Sudanda genosid, halky bilkastdan gyrgyna bermek diýilýän aýyplamalar esasynda sud ediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG