Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda Loýa Jirganyň ýaraşyga çagyryşyndan soň hem zorluklar dowam edýär


Owgan prezidenti Aşraf Gani Loýa Jirganyň ýapylyşynda çykyş edýär. 3-nji maý.

Güman edilýän talyban jeňçileriniň günbatardaky Badhyz welaýatynda barlag nokatlaryna hüjüm etmegi netijesinde, öten agşam azyndan ýedi polisiýa ofiseri öldürildi diýip, resmiler aýtdylar.

Welaýat geňeşiniň agzasy Mohammad Naser Nazari 4-nji maýda Kadis etrabynda guralan hüjüm mahalynda howpsuzlyk güýçleriniň ýene üç harbysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

“Talyban” bu hüjüme hiç bir düşündiriş bermedi.

Owganystanyň Goranmak ministrligi 3-nji maýda, Kunar welaýatyndaky aýry-aýry iki howa zarbasynda “Yslam döwleti” toparynyň agzalary diýip güman edilýän adamlaryň azyndan 43-isiniň öldürilendigini aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda howa zarbalarynyň Çapara etrabynda güman edilýän YD agzalaryny nyşana alandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG