Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Eýranyň siwil ýadro zawodlaryna garşy gadaganlygyň ulanylmazlygyny uzaldýar, uran eksportlaryny gadagan edýär


Waşington Eýranyň baýlaşdyrylan urany eksport etmegine degişli iki sanksiýanyň ulanylmazlyk möhletini soňlandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar özüniň bäş sanksiýanyň ulanylmazlygyny uzaldandygyny, munuň Orsýete, Hytaýa we ýewropalylara Eýranyň siwil ýadro programmasy boýunça işleşmek rugsadyny berjekdigini aýdýar.

Şol bir wagtda, Döwlet departamenti 3-nji maýda özüniň Eýranyň baýlaşdyrylan urany eksport etmegine degişli iki sanksiýanyň ulanylmazlyk möhletini soňlandygyny aýtdy we muny “Eýran režimine garşy owalda-ahyrda girizilen iň berk gadaganlyk” diýip atlandyrdy.

Sanksiýalaryň ählisiniň ulanylmazlyk möhleti 4-nji maýda gutarmaly.

Birleşen Ştatlar prezident Donald Tramyň prezidentligi astynda, Tähranyň sebitdäki “betpygyl” işjeňliklerini soňlamaga çalyşýandygyny aýdyp, Eýrana garşy basyşlaryny güýçlendirdi.

Waşington eýýäm, Tähranyň çig nebit eksportyny iň pes derejä düşürmek üçin, Eýranyň nebit senagatyna garşy sanksiýa girizdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG