Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hukuk toparlary Ýewropa oýunlary mahalynda Belarusda 'gyzgyn liniýanyň' döredilmegine çagyrýarlar 


HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber. Arhiw suraty

Iki sany hukuk topary, Minskiniň media we beýleki hukuklar babatdaky ýagdaýynyň gowy däldigi sebäpli, Belarus 2019-njy ýylda Ýewropa oýunlaryna beýemçilik edýän wagtynda žurnalistleriň şikaýatlary üçin “gyzgyn liniýalaryň” döredilmegine çagyrýar.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” we metbugat azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy 3-nji maýda, Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabat, çagyryş çap etdi.

Belarus häkimiýetleriniň metbugat azatlygyny halamazlykda uzak we gamgyn geşmişi bar, onsoň olaryň Ýewropa oýunlaryna taýýarlyk döwründe we onuň geçýän wagtynda garaşsyz žurnalistleri ýanamagy ähtimal” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

“Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň bu meseläni çözmäge taýýar bolmagy gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Belarus Minskde 21-30-njy iýun aralygynda 4 müň atletiň gatnaşmagynda köp dürli sport çärelerine beýemçilik edýär.

“Human Rights Watch” we “Serhetsiz reportýorlar” guramalary belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hökümetiniň garaşsyz žurnalistleri we garaşsyz gurmalary gazaply çäklendirýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG