Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl, Gazadan atylan raketalara jogap edip, Gaza garşy howa zarbasyny urdy


Ysraýyl Gaza şäherine zarba urýar. Arhiw suraty, 14-nji mart, 2019.
Ysraýyl Gaza şäherine zarba urýar. Arhiw suraty, 14-nji mart, 2019.

Palestinaly jeňçiler 4-nji maýda Ysraýyla tarap raketa atanlaryndan soň, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza zolagyna raketa atdylar diýip, media we resmiler habar berdiler.

Ysraýyl radiosy 30 minut çemesi wagt içinde ýurda azyndan 50 raketanyň atylandygyny, olaryň käbiriniň günorta Ysraýylyň has içine gelip düşendigini aýtdy.

Ýöne habarlarda Ysraýylyň pidalary ýa-da näçe raketanyň urlup ýykylandygy aýdylmady.

Gazanyň saglyk resmileri ysraýyl zarbalarynyň birinden üç palestinalynyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Bu waka Ysraýylyň 3-nji maýdaky howa zarbasynyň Yslamçy Hamaz guramasyna degişli iki jeňçini öldürmeginiň yz ýanyndan bolýar.

Ysraýyl bu howa zarbasynyň Gazadan atylan oklaryň serhediň golaýynda ýaralan iki esgeri üçin ar alyşdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG