Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WhatsApp’е aragatnaşyga çykansoň, radikalizmde aýyplanýar


Günä bildirilýän 27 ýaşly Azamat Umbetaliýew, ol Anželika Belýaýewanyň ogly, iki sany kiçi ýaşly gyzjagazyň kakasy, iň kiçi gyzy sekiz aýlyk. Almatydaky sud maslahatynda. 4-nji iýun 2019.

Almaty sudunda WhatsApp habarlaryna baglaşanlar «terrorizmi wagyz etmekde» hem «milli we dini duýgulary öjükdirmekde» aýyplanýarlar. Derňew topary Gazagystanyň dürli sebitleriniň ýaşaýjylary bolan dokuz adamy özara hatlarynda «barlyşyksyz pikirleri ýörite ýaýratmakda» aýyplaýar. Suda çagyrylan ekspert olaryň hatlarynda öjükdiriji ýa-da terrorizmi wagyz etmek alamatyny görmändigini aýdýar.

Onuň çagalyk arzuwy harby egin-eşik geýip, ata Watana gulluk etmek eken, ýöne nesip etmändir. 8-nji synpy gutaransoň Azamat Umbetaliýew Momyşuly adyndaky mekdep-liseýine girmäge synanyşýar, saglyk ýagdaýy sebäpli geçip bilmeýär, onuň böwregi ýarawsyz eken. Almatyda adaty orta mekdebi tamamlan ýetginjek bazarda söwda işine başlaýar. Bazarda bir gyz bilen tanşyp, durmuş gurýar. Olardan iki gyzjagaz dünýä indi diýip, Azamatyň ejesi Anželika Belýaýewa öz ogly barada gürrüň berýär. Indi sekiz aýdan bäri ol tussag astynda saklanýar. WhatsApp’е goşulan ol we onuň sekiz ýoldaşy «terrorizmi wagyz etmekde» hem «milli we dini duýgulary öjükdirmekde» aýyplanýarlar.

Ejesiniň sözüne görä Azamat musulmançylyga iki ýyldan bäri ýykgyn edipdir. Azamatyň hossarlary – ejesi rus, kakasy gazak – onuň bu hereketine kadaly garap, muňa hormat goýupdyrlar. Anželika Belýaýewanyň ogly köpmilletli maşgaladan çykan ynsan, ol ýerde diňe gazagyň ýa rusuň gany bolman, dürli dini ynançlara eýerip gelen beýleki milletleriňem gatanjy bar, milleti gelip çykyşy boýunça bölmek onuň üçin ýat. Ejesiniň sözüne görä, Azamat uly maşgalanyň ýeke-täk ekleýjisi. Ol çagalary barada alada etdi, onuň kiçi gyzy sekiz aýlyk bolup, ýürek näsazlygyndan ejir çekýär, kiçi aýal doganynyň bolsa fiziki mümkinçiligi pes.

— Ol ynsanperwer adam diýip men hasap edýän. Her bir maşgalada ogul ejesine “siz” diýip ýüzlenenok ahyryn – diýip, Anželika Belýaýewa aýdýar. Onuň sözüne görä, oglunyň işi boýunça golaýda geçen sud diňlenişiginde, oňa şaýat hökmünde rus aýaly çykyş edip, Azamat Umbetaliýewň adamçylyk häsiýetine položitel baha beripdir.

Şu ýylyň mart aýynda Almatyda başlanan sud diňlenişiginde dokuz adam suduň öňüne çykaryldy. Olar «terrorizmi wagyz etmekde» hem «milli we dini duýgulary öjükdirmekde» aýyplanýarlar. Anželika Belýaýewanyň aýtmagyna görä, onuň oglunyň günä bildirilýänlerden dört adam bilen şahsy tanyşlygy bar, beýlekileri messenjer arkaly ýazgylardan tanap, diňe derňew wagtynda ýüzbe-ýüz görüpdir.

Gözenegiň aňyrsyndaky umumy görnüş, sud mejlisinde bu işe degişli dokuz adamdan sekiz sanysy otyr. Almaty, 4-nji iýun 2019.
Gözenegiň aňyrsyndaky umumy görnüş, sud mejlisinde bu işe degişli dokuz adamdan sekiz sanysy otyr. Almaty, 4-nji iýun 2019.

Bu dokuz adamyň garşysyna jenaýat işi «B.К.Ş» atly raýatyň şikaýatyndan soň gozgalypdyr. Olar WhatsAppe «Ähli sunna Wal-Jamagat» toparyna işjeň gatnaşyp, «dini temany» maslahat edipdirler. Derňew işlerini MHK alyp bardy. Gazagystanyň dürli sebitlerinde ýaşaýanlardan günä bildirilýän dokuz adam 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda saklanýar. Owalda olary MHK-niň Almatydaky derňew izolýatorynda saklap, 29-njy maýda polisiýanyň şäher bölümindäki SIZO geçirýärler. Şol ýerde olaryň saçlaryny syryp, sakgalyny syrmaga-da mejbur edýärler.

Aýyplaýan bu işe gatnaşyjylar «öz hereketlerinde dini temalary işjeň maslahat edipdirler... barlyşyksyz pikirleri bilgeşleýin ýaýradyp, terrorizmi wagyz edipdirler hem dini duýgulary öjükdiripdirler».

Bu aýyplamada günä bildirilýänleriň hossarlary syýasaty öwreniji resmileriň hem dini bilermenleriň çykarýan netijelerine şübhe bildirýändiklerini, munuň gurnama aýyplamadygyny aýdýarlar. Gazagystanyň Almatydaky Adam hukuklary býurosynyň 3-nji iýunda geçiren metbugat-konferensiýasynda, günälenýän dört adamyň hossarlary bu aýyplanma bilen ylalaşmaýandygyny aýdyp, olar öz çagalarynyň «adamlaryň howpsuzlygyna garşy jenaýata» gaşy çykandyklaryny aýtdylar.

SUDDA BIR GÜN

Bu iş boýunça sud diňlenişigi Alamtynyň Alamty etrap kazyýetinde, ýerzemindäki zalda geçýär. Sud işgärlerinden biriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, eger sud edilýänler üçden köp bolsa, «bu ýerde geçirmek amatlymyş», bu ýerde kamera goýlup, suda gorag astynda getirilen jenaýatçylar «ýokaryk çykyp bilmeýärmiş». Az-kem adam ýygnalanda, bu zalda howa derrew gutarýar, şonuň üçin jaýy ýelejiretmek gerek bolup durýar. Sud geçen güni 4-nji iýunda hem şeýle boldy.

Diňlenişik başlanmazyndan öň suda çekilýän dokuz adamy bu ýere getirdiler. Olardan birinden özgesiniň elinden demir halkany aýryp, gözenege gabadylar. Ol ýerde ýer ýetmedik bir günälenýäni gözenegiň daşynda, elini demir gözenege çatyp goýdular.

Sud mejlisindäki gözenegiň aňyrsyna sygmadyk 9-njy günä bildirilýän. Almaty, 4-nji iýun 2019.
Sud mejlisindäki gözenegiň aňyrsyna sygmadyk 9-njy günä bildirilýän. Almaty, 4-nji iýun 2019.

4-nji iýundaky sud diňlenişiginde Gazagystanyň garaşsyz filolog-eksperti Rahila Karymsakowanyň çykyşy diňlediler. Ol ençeme işleriň, şol sanda tekstlerde sud ekspertizasyny geçirmegiň täze metodikasynyň awtorydyr. Kasam içenden soň eden çykyşynda Rahila Karymsakowa ahyrky gelen netijesinde, özüne barlag üçin berlen tekstlerde milli hem dini garşylygy öjükdiriji çagyryşyň ýokdugyny, şeýle hem terrorizmiň propaganda edilmeýändigini aýtdy. R. Karymsakowa öz çykyşynda beýleki bilermenleriň ulanan käbir termin – adalgalarynyň harpma-harp mana eýerendigini, ýöne olaryň fiziki güýje esaslanmaýandygy aýdyp, ideologiki opponentlere ters bolandygyny belledi.

Diňlenişik sudýa Kaýrat Imankulowyň hem prokuror Maksat Daurbaýewiň we günälenýänleri goraýjylaryň arasyndaky garşylyk bilen geçdi. Diňlenişikdäki ahyrky netije haýsydyr bir K. diýilýäniniň şikaýat bildirmegi meselesine direldi. Goraýjylar K. diýilýäniniň diňlenişige gatnaşmagyny, oňa sorag bilen ýüzlenmegiň zerurdygyny talap etdiler. Prokuror bolsa ol arz edeniň şahsyýetini kesgitläp bilmändigini, häzirki wagtda onuň niredediginiň nämälim galýandygyny aýtdy.

Almatynyň etrap kazyýetiniň sudýasy Kaýrat Imankulow. Almaty, 4-nji iýun 2019.
Almatynyň etrap kazyýetiniň sudýasy Kaýrat Imankulow. Almaty, 4-nji iýun 2019.

Sud edilýänlerden biri Beket Mynbasowyň aklawjysy Aliýa Şarypbaýewa prokurordan esasy şaýadyň suda gelmegi üçin alada edip-etmändigini sorady. Prokuror esasy şaýadyň suda gelmegi üçin, polisiýa tabşyryk berendigini, ýöne polisiýanyň şeýle adamy tapyp bilmändigini aýtdy. Aklawçy prokurordan ol talabyň dil üsti bilenmi ýa ýazmaça berendigini sorady. Ol bu sowala polisiýa üç gezek tabşyryk berendigini aýtdy. Aklawçy prokurora şeýle sorag berdi:

— Siz bu jogabyňyzyň boş söz däldigini näme bilen subut edersiňiz?

— Men size üç gezek tabşyryk berendigimi aýtdym – diýen prokuror delil baradaky soragy jogapsyz galdyrdy.

Prokuror Maksat Daurbaýew sud maslahatynda. Almaty, 4-nji iýun 2019.
Prokuror Maksat Daurbaýew sud maslahatynda. Almaty, 4-nji iýun 2019.

Sud edilýänlerden biri sudýa şeýle sowal berdi: bu nähili beýle bolýar, jenaýat işine degişlileri günälemeli bolanynda, oňa şaýat bolanyň şahsyýeti anyklanýar, onuň ýaşaýan ýerleri-de sülçä mälim, haçan-da ol şaýatdan gerekli zatlary soramaga zerurlyk ýüze çykanda, prokuror ony dürli bahanalar bilen ýaşyrýar. Bu taldan soň sudýa Imankulow şaýat K. suda gelip jogap bermegini gazanmak barada karar çykardy. Ýöne onuň suda gelmegi goranýan tarapa bagly.

— Ýüz prosent ynam bilen aýtsa bolar, goranýan tarap onuň suda gelmegini gazanyp bilmez, bu olaryň günäsi däl – bu replikany aklawçylardan biri agzyndan gaçyrdy.

Ol aýdylany sudýa gulagynyň duşundan geçirdi. Sud edilýänleriň arasynda goh-galmagal döredi. Näme üçin goranýan tarapyň şaýadyny suda prokuror däl-de, adwokat getirmeli diýip, olardan biri sudýa ýüzlendi. Sudýa özüniň kararyň kabul edilendigini, indiki sud maslahatynyň üçünji gün boljagyny mälim etdi.

Maslahat gutarandan soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy prokuror Daurbaýewiň ýanyna baryp, netijeden mälim bolşuna görä, döwlet garalawjysy hökmünde çykyş edýän tarapdan bu aýyplamalar, esasy şaýat K. soraga gelip-gelmejekdigi barada sowal bilen ýüz tutdy. Prokuror bir zat diýjek bolýan şekilde gabagyny galdyrdy, ýöne dymdy.

ABŞ-yň halkara dini azatlyklar baradaky Komissiýasy (USCIRF) Gazagystany «yzygiderli, hemişe adalatsyzlygy dowam etdirýän», erkin dini ynançlary hökümetleriň resmi taýdan goldamaýan, munuň daşyndan dini akymlara goşulýanlaryň garşysyna jenaýat işini gozgaýan ýurtlaryň hataryna goşup gelýär.

Redaksiýadan: AÝ/AR-nyň Gazak gulluggynyň «Şahsy pikir» rubrikasynda berilýän material Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG