Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 24 sagatdan hem az wagt içinde bolan iki atyşykda 29 adam öldürildi.


Tehsas, El Paso bolan atyşykda 20 adam öldi.

ABŞ-da 24 sagatdan hem az wagt içinde bolan ikinji atyşykda, Ohaýada 9 adam öldürildi.

Daýton polisiýasy güman edilýän atyjynyň ölendigini we 4-nji awgustdaky atyşykda 16 adamyň ýaraly bolandygyny twitterde habar berdi.

Ohaýadaky atyşyk Tehsasda, El Pasodaky mähelleli söwda merkezinde 20 adamy öldürip, ýigrimiden gowrak adamy ýaralan atyşykdan biraz soň boldy.

El Pasonyň polisiýa bölüminiň başlygy Greg Allen häkimiýetleriň güman edilýän tarapyndan ýazylandyr we internetde ýerleşdirilendir öýdülýän “manifesti” tapandygyny, onda emigrantlara garşy meýilleriň hem beýan edilendigini aýtdy.

680 müň ilaty bolan El Paso şäheri Tehsasyň günbatar böleginde ýerleşýär we ol ýerde, Meksika bilen araçägiň golaýynda uly möçberde ispan asylly ilat ýaşaýar.

Pidalaryň köpüsi El Pasonyň merkezindäki Walmart söwda merkezinde tüpeňlendi.

Polisiýa şol wagt bu ýerde 3 müň çemesi adamyň bolandygyny, olaryň köpüsiniň yzygiderli golaýdaky serhetden geçip, söwda etmäge gelýän meksikalylar bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG