Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň daşary işler ministri Zarif ýadro ylalaşygyny maslahat etmek üçin Moskwa bardy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow. Moskwa. 8-nji maý, 2019 ý.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn we regional meseleleri maslahat etmek üçin Moskwa bardy.

“Kyn döwürde rus hökümeti Eýran Yslam respublikasynyň ýanynda durdy we biz kyn döwürde bizi goldan dostlarymyz bilen düýbünden başgaça gatnaşykda bolarys” diýip, Zarif 2-nji sentýabrda Moskwa baran mahalynda aýtdy.

Eýran -rus ykdysady komissiýasynyň başlygy hökmünde Eýranyň energiýa ministri Reza Ardakaniany hem öz içine alýan delegasiýa Zarif ýolbaşçylyk edýär.

Zarif rus kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, regional meseleleri, şol sanda Siriýany we Owganystany, şeýle-de 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy boýunça soňky özgerişlikleri maslahat etjekdigini aýtdy.

Moskwa Birleşen Ştatlary we Eýrany sabyr-takatly bolmaga çagyrypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG