Owgan prezidenti Aşraf Gani ýurtda 18 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek boýunça Talyban bilen geçirilen gepleşikleriň soňky tapgyry barada habarly edildi. Bu Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagyndaky iň uzaga çeken söweşdir.
2-nji sentýabrda Kabulda Owganystanyň prezident edarasynyň metbugat wekili Sedik Sedikki ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň 1-nji sentýabrda giçlik Katardan gelenden soň, Aşraf Ganä Dohada geçen gepleşikler barada gysgaça maglumat berendigini aýtdy.
Kataryň paýtagty Dohada geçirilen gepleşikleriň dokuzynjy tapgyrynda ahyrky ylalaşyga gelinmedi.
Owganystanyň prezident edarasynyň metbugat wekili Sedik Sedikki duşuşygyň jikme-jikleriniň 2-nji sentýabrda köpçülige ýetiriljekdigini aýtdy.