Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak protestçileri Tokaýewiň Hytaýa saparyny goýbolsun etmegini talap edýärler


Kasym Žomart Tokaýew
Kasym Žomart Tokaýew

Ýüzlerçe protestçi Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäherinde toplanyp, 3-nji sentýabrda tapgyr ikinji gün prezident Kasym Žomart Tokaýewiň Hytaýa amala aşyrmakçy saparyny goýbolsun etmegini talap etdi.

Protestçiler şäheriň esasy meýdançasynda toplanyp, Gazagystanyň Hytaýyň maliýe kömegi netijesinde 55 sany senagat desgasyny gurmak planlaryny sorag astyna aldy.

Olar ýurduň beýleki şäherleriniň ýaşaýjylaryny hem 4-nji sentýabrda özleriniňki ýaly protest aksiýasyny guramaga çagyrdylar.

Demonstrasiýaçylaryň käbiri, öz sözleri bilen aýtsak, Gazagystanyň häkimiýet gurluşlaryny korrupsiýadan doly saplamagy talap etdi.

Bir gün ozal 100 çemei protestçu Žanaozende demonstrasiýa geçirdi.

Tokaýew 11-nji sentýabrda Pekine iki günlük sapar etmegi planlaşdyrýar. Protestçiler Tokaýewi Hytaýdan karz pul almagy bes etmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG