Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran britan gämisiniň ýedi agzasyny azat etdi


Stena Impero
Stena Impero

Eýran Britaniýanyň Stena Impero nebit tankeriniň ekipaž agzalaryndan ýedi adamyň iki aýa golaý tussaglykdan soň, ynsanperwerçilik esaslarynda azat edilendigini aýdýar.

Azat edilen ýedi adam gäminiň kapitany tarapyndan saýlandy. Eýranyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawiniň Eýranyň döwlet TW-sine aýtmagyna görä, boşadylan ýedi adamyň arasynda rus we hindi raýatlary bolup, olar basym ýurtdan çykyp bilerler.

London bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar Britaniýanyň deňizçileri Eýranyň nebit tankerini tussag edeli bäri ýokarlandy.

Eýran soň 4-nji iýulda Gibraltarda Siriýa nebit äkidip, EB sanksiýalaryny bozmakda güman edilen gäminiň adyny “Adrian Darya” diýip täzeledi.

Şondan soň Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary 20-nji iýulda Hormuz bogazynda britan baýdakly Stena Impero gämisine zabt edip, onuň 23 ekipaž agzasyny tussag etdi.

"Adrian Darya" ahyrynda, Siriýa gitmejegine kepillik berensoň, ýoluny dowam etmäge rugsat berildi.

XS
SM
MD
LG