Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan resmileri ABŞ- "Talyban" ylalaşygynyň taslamasyndan alada bildirýärler


Owgan prezidentiniň sözçüsi Sedik Sedikki

Owgan resmileri parahatçylyga tarap progresi oňlaýandyklaryny, emma ABŞ bilen “Talyban” arasynda 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin “prinsipde” gelnen ylalaşykdan alada galýandyklaryny aýdýarlar.

Owgan prezidentiniň sözçüsi Sedik Sedikki 4-nji sentýabrdaky twitlerinde, taslama ylalaşygy görendigine garamazdan, ylalaşygyň mazmuny we onuň nähili durmuşa geçiriljegi babatdaky soraglaryň saklanyp galýandygyny aýtdy.

“Owgan hökümeti ymykly parahatçylyga we Owganystandaky urşuň soňlanmagyna alyp geljek parahatçylyk prosesindäki islendik progresi goldaýar, emma owgan hökümetiniň ABŞ-nyň “Talyban” bilen şertnamasyndaky esasy aladasy ahyrky netijeler we howp-hatarlar bilen bagly. Olar howp-hatarlaryň öňüni nädip alar?” diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň diplomaty Zalmaý Halilzad Katarda tas bir ýyla golaý “Talyban” bilen gepleşik alyp bardy. Ol 2-nji sentýabrda taraplaryň “prinsipde” duşmançylygy bes etmek barada ylalaşyga gelendiklerini aýtdy.

“Talyban” taslama ylalaşykda öz kontrollygyndaky owgan topragynyň hiç bir böleginiň Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna hüjüm etmek üçin ulanylmajagyna razylyk berdi.

ABŞ we “Talyban” günbatar güýçleriniň Owganystandan ýuwaş-ýuwaşdan çykarylmagy barada hem ylalaşyga geldiler diýip, Halilzad aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG