Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohany ýadro ylalaşygy borçlaryny azaltmagyň indiki tapgyrynyň has güýçli täsiriniň boljakdygyny aýdýar


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Prezident Hassan Rohani Eýranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy astynda öz üstüne alan borçnamalaryndan has kän el çekip biljekdigini, emma Tähranyň Ýeropa bu şertnamany halas etmek üçin ýene ik aý kän möhlet berýändigini duýdurýar.

Şol bir wagtda taraplar bu meselede “şu gün ýa ertir” bir ylalaşyga gelşege meňzemeýär.

Eýran mediasy Rohaniniň 4-nji sentýabrda hökümet maslahatynda aýdan sözlerini sitirledi we ol şonda Tähranyň basym ýadro ylalaşygy astyndaky borçnamalaryny azaltmak we öz ýadro işjeňliklerini artdyrmak boýunça “üçünji ädimi” yglan etjekdigini aýtdy.

Ol üçünji ädimiň“iň möhüm ädim” boljakdygyny we onuň “adatdan daşary täsirleriniň” boljakdygyny aýtdy.

Bu gürrüň Eýran, Fransiýa we Orsýet arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan şertnamany, Bilelikdäki hemme taraply hereket plany diýilýäni saklap galmak barada ýakynda geçirilen gepleşikleriň yz ýanyna gabat gelýär. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu ylalaşygy geçen ýyl terk etdi.

3-nji sentýabrda çykan habarlarda Fransiýanyň Eýrana nebit kepilligi astynda ýylyň ahyryna çenli 15 milliard dollar kredit bermegi teklip etjekdigi aýdyldy. Muňa derek Tähran ýadro ylalaşygynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeli, olary azaltmaly däl.

Emma bu ylalaşyk, görnüşinden, Waşington bilen hyzmatdaşlyga bagly bolup durýar. Sebäbi Waşington bir taraply sanksiýalary gaýtadan girizip, beýleki döwletleriň hem Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmezligine basyş görkezýär.

Onsoň, çeşmeleri görkezmezden, Eýranyň Press TW-si ýurduň 15 milliard dollar karz teklibini ret edendigini aýtdy.

Tramp eýran resmilerini öz ýadro we raketa programmasy babatda täze gepleşiklere boýun etmek üçin “aňrybaş basyş” syýasatyny ýöredýär.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi 4-nji sentýabrda “Ýewropa ýurtlary Eýran tarapyndan hepde ahyryna çenli goýlan möhlete çenli hiç bir netijeli ädim ädip biljege meňzemeýär” diýdi.

Rohani sanksiýalary ýatyrmak barada köp taraply gepleşikler bolmasa, Birleşen Ştatlar bilen ikitaraply gepleşikleriň bolmajagyny aýtdy.

Tähran 2-nji sentýabrda, eger-de ýewropa şu hepdäniň aýagyna çenli täze şertleri teklip etmese, ylalaşykdan çekilmek üçin has uly ädim ätjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar şu hepde Eýranyň siwil kosmos agentligine we iki sany ylmy-barlag institutyna garşy täze sanksiýalary yglan etdi. Waşington olaryň Tähranyň ýadro programmasy üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG