Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew Pekine gitmäge taýýarlanýarka, gazaklar hytaý maýa goýumyna garşy protest geçirýär


Soňky günlerde gazak paýtagty Nur-Sultanda, Almatyda we käbir beýleki şäherlerde hem-de şäherçelerde aktiwistler Žanözendäki protestlere goldaw bildirip, ýöriş geçirdiler.
Soňky günlerde gazak paýtagty Nur-Sultanda, Almatyda we käbir beýleki şäherlerde hem-de şäherçelerde aktiwistler Žanözendäki protestlere goldaw bildirip, ýöriş geçirdiler.

Gazagystanyň günorta-günbataryndaky Žanözen şäherçesinde onlarça aktiwist hytaý maýa goýumlaryna we senagat taslamalaryna garşy protest bildirip, tapgyr ýedinji gün ýöriş geçirýär. Bu waka gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Pekine iki günlük resmi sapary amala aşyrmaga taýýarlanýan mahalynda bolýar.

9-njy sentýabrda protestçiler Žanözeniň merkezi meýdançasynda ýygnanyp, häkimiýetleri nebite baý ýurtda zawodlary gurmak we beýleki taslamalar arkaly, olaryň sözlerine görä, “hytaý ekspansiýasyny, ýaýramagyny” bes etmäge çagyrdylar.

Şeýle-de, demonstrantlar hökümeti Ýewropada, Ýaponiýada we Birleşen Ştatlarda maýa goýumçylary gözlemäge çagyryp, olar bu ýurtlaryň, olaryň sözlerine görä, “hytaý kompaniýalary ýaly öz maýa goýumlary bilen bilelikde on müňlerçe raýatyny hem Gazagystana getirmeýändigini” aýtdylar.

Soňky günlerde gazak paýtagty Nur-Sultanda, Almatyda we käbir beýleki şäherlerde hem-de şäherçelerde aktiwistler Žanözendäki protestlere goldaw bildirip, ýöriş geçirdiler. Žanözende hytaý maýa goýumyna garşy ýörişler 2-nji sentýabrdan bäri dowam edýär.

XS
SM
MD
LG