Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Osama Bin Ladeniň oglunyň öldürilendigini tassyk edýär


Hamza bin Laden
Hamza bin Laden

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp indi özüniň Hamza bin Ladeniň, “Al-Kaedanyň” esaslandyryjysy, merhum Osama bin Ladeniň oglunyň owgan-pakistan serhedinde geçirilen harby operasiýa mahalynda öldürilendigini tassyklap biljekdigini aýtdy.

"Hamza bin Ladeniň ýitirilmegi “Al-Kaedany” diňe möhüm ýolbaşçylyk başarnyklaryndan we onuň kakasy bilen simwoliki baglanyşykdan aýyrmaýar, eýsem bu toparyň möhüm operasiýa işjeňliklerini hem gowşadýar” diýip, Trampyň 14-nji sentýabrda Ak tam tarapyndan çap edilen beýanatynda aýdylýar.

31-nji iýuldaky media maglumatlarynda ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň aýdan sözlerine salgylanyp, olaryň Hamza bin Laden öldi diýendigi habar berildi.

Emma olar ölümiň senesi we ýeri baradaky jikme-jiklikleri aýtmadylar.

Hamza bin Laden Osama bin Ladeniň 20 çagasynyň 15-njisidi, “Al-Kaedany” esaslandyryjynyň üçünji aýalyndan bolan ogludy.

Ol ölen wagty 30 ýaşlary çemesinde bolmaly diýip bilinýär.

ABŞ hökümeti fewralda käte “jihadyň täç geýdirilen şazadasy” diýlip atlandyrylýan Bin Ladeniň kellesi üçin $1-million baýrak goýdy.

Hamza bin Laden Birleşen Ştatlara we beýleki ýurtlara hüjüm edilmegine, hususan-da kakasynyň 2011-nji ýylyň maýynda Pakistanda ABŞ güýçleri tarapyndan öldürilmeginiň aryny almaga çagyrýan audio we wideo ýüzlenmelerini çap etdi.

XS
SM
MD
LG