Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Žurnalistleri goramak boýunça komitet özbek bloggeriniň derhal azat edilmegine çagyrýar


Nodirbek Hojimatow

ABŞ-nyň Žurnalistleri goramak boýunça komiteti 16-njy sentýabrda ýurduň prezidentini sosial mediada tankytlany üçin 10 gün tussaglyga höküm edilen özbek bloggerini haýal etmän azat etmäge çagyrdy.

Gündogar Özbegistanyň häkimiýetleri Nodirbek Hojimatowy 12-nji sentýabrda tussag etdiler, Azatlyk radiosynyň we BBC-niň özbek gulluklarynyň maglumatyna görä, ol prezident Şawkat Mirziýoýewiň mertebesine degmekde, siwil düzgün bozmasynda aýyplandy.

Kanun esasynda ol 950 dollara çenli jerime tölemeli, emma siwil (graždan) kodeksinde hiç bir türme jezasy nazarda tutulmadyk.

Hojimatow feýsbukda prezidente ýüzlenip açyk hat çap etdi, ol hatda iki sany ýerli resminiň korrupsiýa derňewine çagyrylýar.

Şeýle-de ol hatda region we etrap ýolbaşçylarynyň golaýda berlen prezident sylaglaryna mynasyp däldigi aýdylýar.

Blogger ol resmileriň galplaşdyrylan gurluşyk taslamalary bilen ilteşiklidigini öňe sürýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG