Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe, Orsýet we Eýran Siriýanyň Idlibindäki dartgynlyklary gowşatmagy wada berýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan orsýetli we eýranly kärdeşleri Wladimir Putin we Hassan Rohani bilen duşuşýar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan orsýetli we eýranly kärdeşleri Wladimir Putin we Hassan Rohani bilen duşuşýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 16-njy sentýabrda eýranly we orsýetli kärdeşleri bilen duşuşyp, Siriýanyň sekiz ýyllyk raýat urşuny soňlamagy we durnukly ýaraşyk baglaşmagy maksat edinýän gepleşikleri geçirdi.

Erdogan, Wladimir Putin we Hassan Rohani özleriniň bäşinji sammitlerinden öň aýratynlykda, ikiçäk hem duşuşdy.

Olar Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib, gozgalaňçylaryň iň soňky saklanyp galan regiony barada maslahat etdiler.

Olar sebitde ynsanperwer krizisiniň öňüni almagy we bu sebitdäki dartgynlyklary ýeňletmegi wada berdiler.

Orsýet we Türkiýe geçen ýyl Idlibi hökümet hüjüminden goramak maksady bilen bufer-zona şertnamasyna gol çekdi.

Ankara bu şertnamanyň berjaý edilmegi üçin sebitde 12 sany gözegçilik nokadyny enjamlaşdyrdy, emma muňa garamazdan, Orsýetiň harby-howa güýçlerini peýdalanýan siriýa güýçleri Idlibe tarap ilerlär diýen gorky bar.

XS
SM
MD
LG