Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslama garşy eden çykyşlaryndan soň Senat özbek häkimine üç aýlyk synag möhlet yglan etdi


Şuhrat Ganiýew

Özbegistanyň Senaty musulman aýallaryň başatgyçlaryny, hem-de erkekleriň ösgün sakgallaryny yslam ekstremizmi bilen ilteşdirip gödek tankytlan özbek häkimine 3 aý synag möhletini yglan etdi.

Senatyň 30-njy sentýabrda geçiren maslahatynda köp ilatly Fergana regionynyň häkimi Şöhrat Ganiýewe resmi taýdan käýinç yglan edildi.

Häkimiň yslam dininiň alamatlary hasaplanýan hijap we ösgün sakgala garşy eden çykyşlarynyň ses ýazgysy AÝ/AR-a gelip gowuşdy.

Ses ýazgyda Senatyň-da agzasy bolan Ganiýewiň yslama mahsus egin-eşikleri geýýän aýallara özüniň çydamlylygynyň ýokdugy barada etrap häkimlerine edýän gazaply duýduryşlaryny eşitmek bolýar.

“Ýatda saklaň, gadyrly häkimler: eger siziň resmi ýygnaklaryňyzda şeýle egin-eşikde bir aýal görsem, tapawudy ýok isle ol mähelläniň ýolbaşçysy bolsun, isle mugallym, işewür, aktiwist ýa-da isle kanun çykaryjy, men onuň başatgyjyny alyp siziň agzyňyza dykaryn” diýip, ol gazaplanýar.

Onuň jemgyýetçilik ýerlerde “ýigrenji sakgally” erkekler atlandyrýanlary barada sesini gataldyp yzly-yzyna aýdýan paýyş sözlerini hem eşitmek bolýar.

Esli wagtdan bäri köpçüligiň öňünde edýän gödek çykyşlary bilen tanalýan Ganiýew ýygnaga gatnaşýanlary “akmak” atlandyrdy.

Şondan soň häkim öz aýdan sözleri bilen baglylykda ötünç sorady:

“Elbetde, meniň ene-atam, meniň bala-çagalarym hem milli lybas geýýärler. Meniň özüm hem öýde milli lybas geýýärin. Elbetde, şol güni öte geçenim, ýa-da özüme erk edip bilmezligim meniň öz aýybym.

Ilkinjilik bilen maňa beýik ynam bildiren hormatly prezidentimizden, döwlet baştutanymyzdan ýalbaryp ötünç soraýaryn. Hormatly senatorlar sizden hem ötünç soraýaryn. Eger mümkinçilik berseňiz, dogry netije çykaryp, çyn ýürekden zähmet çekerin! Elbetde, men islendik jezanyň berilmegine kaýyl. Müňlerçe gezek ötünç soraýaryn” diýip, Fergana regionynyň häkimi, şol bir wagtyň özünde Senatyň agzasy Şöhrat Ganyýew ötünç sorady.

Berk gözegçilikde saklanýan öňki sowet respublikasynda häkimiýetler mekdeplerde we edaralarda yslama mahsus hijabyň geýilmegini berk çäklendirip gelýär. 1998-njy ýylda çykarylan kanun din wekillerinden özgelere köpçülik ýerlerinde dini egin-eşik geýmegi gadagan edýär.

Şeýle-de, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly agzalýan ýurdunda resmileriň radikal yslama garşy göreş atlandyrýan çäreleriniň çäklerinde polisiýa işgärleriniň uzyn sakgally erkek adamlary köpçülik ýerlerinden çekip çykarýandygy barada ýygy-ýygydan gelip gowuşýan habarlar bar.

Gündogar Özbegistanda ýerleşýän Fergana regionynyň ilaty 3.6 million adamdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG