Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň websaýty, sosial media saýtlary Täjigistanda ýene baglanana çalym edýär


Germaniýa. Täjik oppozisiýasynyň agzasy Şarofiddin Gadoýew (Ç) Muhiddin Kabiri bilen. 2-nji mart, 2019.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň websaýty, feýsbukdaky, Youtube-däki sosial media saýtlary Täjigistanda ýene bir gezek baglanana çalym edýär. Bu saýtlar 1-nji oktýabrda, gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiri bilen göni efirde guralan söhbetdeşlik internetde efire berilmezinden birnäçe sagat öň elýetersiz boldy.

Bu söhbetdeşligi Täjigistanyň düýbi Ýewropada ýerleşýän Milli ýaranlygy, bosgunlykdaky täjik oppozision toparlarynyň birnäçesini özüne birleşdirýän koalisiýa geçirdi.

Emma muňa garamazdan, Täjigistanyň Telekommunikasiýa gullugynyň başlygy Ilhom Atoýew AÝ/AR-na özüniň hiç bir petiklemeden habarynyň ýokdugyny aýtdy.

Feýsbuk Täjigistanda Kabiriniň internetdäki söhbetdeşligi tamam bolan badyna elýeterli boldy.

Täjigistanyň Yslamçy täzeden döreýiş hereketi, hökümetde we parlamentde wekilçilik etmek bilen, uzak wagtlap täsirli partiýa boldy. Emma bu partiýa 2015-nji ýylda ekstremist we terrorçy gurama diýlip, gadagan edildi. Partiýanyň agzalary we hukuk toparlary bu gadaganlygyň esassyzdygyny we syýasy äheňli bolandygyny aýdýarlar.

Kibiri 2015-nji ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG