Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý: Putin institutlara ynanmaýar


Mihail Hodorkowskiý
Mihail Hodorkowskiý

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren dürli temalary öz içine alýan interwýusynda rus tüçjary Mihail Hodorkowskiý rus prezidentini analiz etdi, oppozisiýanyň mümkinçilikleri hem-de Russiýanyň problemalary barada çykyş etdi, şeýle-de 5 ýyldan gowrak wagt bäri özerkli bosgunlykda ýaşamagyň nukdaýnazaryndan döwlet dolandyryş ulgamlaryny deňeşdirdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimr Putiniň esasy garşydaşlaryndan biri bolan Hodorkowskiý Kremliň ýolbaşçysynyň 20 ýyl bäri häkimiýetde galmagy başarandygyna goýýan hormatyny gizlemeýär.

1-nji oktýabrda Germaniýanyň paýtagtynda beren interwýusynda tüçjar Putini “awtokrat” atlandyryp, onuň adamlaryň ejiz tarapyny tapmak ukybynyň bardygyny we olaryň aňyrsyna dessine göz ýetirýändigini aýtdy.

Putin olaryň eşitmek isleýän ýa-da halaýan zatlaryny aýtmak bilen, ýurt içindäki syýasatçylaryň we dünýä liderleriniň göwnünden nädip turmalydygyny bilýär diýip, häzirki wagtda “Raýat jemgyýetini goldaw toparyna” ýolbaşçylyk edýän Hodorkowskiý aýtdy. Bu topar Hodorkowskiýniň Putini häkimiýetden çetleşdirmek tagallalarynyň bir bölegidir.

Islendik içaly “tälimçisi” ýaly Putin hem, meselem ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen, Italiýanyň öňki premýer ministri Silwiýo Berluskoni we beýlekiler bilen gatnaşyklary ýola goýmagy başardy.

Putiniň içaly agentligindäki geçmişi barada gürrüň beren 56 ýaşly Hodorkowskiý bu ukyby öwrenmek üçin “KGB-niň mekdep bolandygyny” aýtdy.

Putin jemgyýet 20 ýyl mundan ozal “rewolýusiýadan doýup, kounter-rewolýusiýa islände, geçmişe dolanmak islände” jemgyýetiň ruhy-ahwalyny ele geçirmek ukyby bilen häkimiýete çykdy.

Ýöne täze nesil ýetişdi, diýmek “jemgyýet üýtgedi we adamlar başga zatlary isleýär” diýip, ol anyklaşdyrman gürrüň berdi.

Putiniň häkimiýetde uzak oturmagynyň sebäpleriniň ýene-de biri hem, ol makroykdysady meseleleri Merkezi Bankyň başlygy Elwira Nabiullina, Sberbankyň ýolbaşçysy German Gref, ykdysady ösüş ministri Maksim Oreşkin ýaly “sistematik liberallara” tabşyrdy.

Şolar ýaly adamlar ykdysadyýetde ‘heläkçilikli ýalňyşlaryň’ öňüni aldy.

Russiýanyň birwagtky iň baý adamy bolan Hodorkowskiý 10 ýylyny, özüniň aýtmagyna görä toslama aýyplamalar bilen, türmede ötürdi.

Ol 2000-nji ýylda öňki prezident Boris Ýeltsiniň Putini öz ornuna saýlamagyna ynanmak bilen ýalňyşandygyny aýdýar.

“Boris Nikolaýewiçiň saýlawy ýurda däl, özüne we öz maşgalasyna peýda getirdi” diýip, Hodorkowskiý aýdýar.

Putiniň iň esasy ejiz tarapy barada aýdylanda, ol “institutlara asla ynanmaýar”.

Putin “adamyň özüne wepaly bolup biljekdigine ynanýar, ol ony kontrol edip biljekdigine ynanýar, ýöne ol asla institutlara ynanmaýar”

Ösüş babatda Russiýa Ýewropadan azyndan 60 ýyl yzda galdy we “Moskwa 80-nji ýyllarda bir ýerde batyp galdy”

Hodorkowskiý ýurtda ýeke-täk gomogen oppoziýa toparynyň bolmagyny “ýalňyşlyk” atlandyrýar, sebäbi şeýle bolanda häkimiýete gezek gelende “režimiň üýtgemejekdigini, diňe adam atlarynyň we ýüzleriniň üýtgejekdigini” aýdýar.

Ol dürli pikirli oppozisiýa toparlarynyň saglyklydygyny, sebäbi haçan-da olar häzirki hökümetiň ornuna geçenlerinde häkimiýet başynda “koalisiýanyň” dörejekdigini aýtdy.

Ol häkimiýeti çalyşmagyň “dowamly geçirilýän azat we erkin saýlawlar” arkaly demokratik ýollar bilen amal edilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG