Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG owgan çagalaryna garşy dört ýylda 14 müň “zorlugyň” edilendigini aýdýar


Taşlanan sowet tankynyň üstünde oýnaýan çagalar. Jalalabad, 15-nji fewral, 2019.

Soňky dört ýylda Owganystandaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy çagalara garşy 14 müňden gowrak “düýpli zorlugyň” edilmegine alyp geldi diýip, BMG-niň hasabatynda bu zorluklaryň 3500-e golaý çaga ölümini hem öz içine alýandygy aýdylýar.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş taraplaryň ählisi tarapyndan edilen düýpli zorluklaryň “howsala beriji derejesini”, “çagalaryň ýaragly konfliktiň esasy zarbalaryny alyjy bolamgynyň dowam etmek faktyny" ýazgardy.

Bu döwürde 9 müň çemesi çaga ýaralandy diýip, hasabatda aýdylýar.

Guterriş 2015-2018-nji ýyllarda öldürilen we ýaralanan çagalaryň tassyklanan möçberiniň asuda adamlaryň arasynda ejir çekenleriň tas üçden birini düzmegi çynlakaý alada bolup durýar diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG