Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy ten söwdasyna gözegçilik çärelerini aktiwleşdirdi


Aşgabadyň polisiýasy (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň polisiýasy ten satmak bilen meşgullanýan zenanlara gözegçilik çärelerini aktiwleşdirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň paýtagtyň Köpetdag etrabynyň polisiýasynyň we Aşgabadyň sud edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar bermegine görä, soňky döwürde 100 çemesi zenan saklanypdyr.

"Soňky aýlarda Aşgabadyň polisiýa işgärleri ten söwdasyny edýän aýal-gyzlara garşy reýd alyp barýarlar. Diňe soňky birnäçe aýda ýüzden gowrak raýat saklandy" - diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 2-nji oktýabrda habar berdi.

Habarçymyzyň çeşmelere salgylanyp, habar bermegine görä, saklanan zenanlara jerime salynýar.

"Saklanan aýal-gyzlary gyssagly suda çekýärler we olary jerimä sezewar edýärler. Jerimäniň möçberi saklananlarda jyns taýdan geçýän ýokanç keselleriň bolup bolmazlygyna bagly bolýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy polisiýadaky çeşmä salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, "bikanun jynsy hyzmatlar üçin" saklanan raýarlary jerime tölänlerinden soň goýberýärler, emma olardan ýaşaýan ýerinden daşlaşmazlygy we etrap polisiýasyna yzygiderli baryp, hasaba durmagy talap edýärler.

Şol bir wagtda-da, Türkmen.news garaşsyz neşiri Aşgabatda ten satýanlara polisiýanyň özüniň gözegçilik edip, olary dolandyrýandygyny habar berýär.

Neşiriň 2-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, polisiýa işgärlerinde ten satýanlar barada doly maglumatlar bar. "Diňe bir aýallar däl, eýsem, beýleki jynsly adamlar hem bar; olar jaň gelen badyna bellenen ýere baryp öz "hyzmatlarynyň" ählisini üpjün etmeli bolýarlar" diýlip maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, neşir polisiýa işgäriniň edýän bikanun hereketiniň wideo düşürilendigi barada habar berip, bu wideo ýazgynyň çap edilen salgysyny ýerleşdiripdir.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri bu temany gozgamaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýuduň kanunlarynda ten satmak we başga birini ten satmaklyga çekmek üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 138-nji maddasynda ten satmak jenaýaty üçin 20 sany ortaça aýlyk möçberindäki jerimeden başlap, iki ýyl türme tussaglygy göz öňünde tutulan bolsa, ten satmaklyga itermek jenaýatyna degişli 139-njy maddasyndaky jeza düzediş işlerinden başlap, 3-8 ýyl türme tussaglygyna çenli bolup bilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurt raýatlarynyň ten satmak meselesi Türkmenistanda giňden ýaýran ýagdaý bolup, zenanlaryň muňa işsizlikden baş goşmagy seýrek däl.

Üstesine, ten satmak meselesi diňe bir Türkmenistanyň özünde däl-de, eýsem daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň arasynda hem duş gelýär.

Hususan-da, Türkiýäniň habar çeşmeleri türkmen raýatlarynyň ten satmaklygyň ýa-da başga birini muňa mejbur etmegiň üstünde tutulýandygy, käbirleriň deportasiýa edilýändigi yzygiderleri habar berýär. Soňky aýlarda türk mediasynda çap bolan maglumatlarda türkmenistanly zenanlaryň seksual gulçulykdan azat edilmegi barada habar berlipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG