Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly protestçiler Eýranyň Karbaladaky konsulhanasyna hüjüm etdiler


Demonstrantlar Yrakdaky ýokary işsizlige, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň pesligine we giň ýaýran korrupsiýa garşy protest geçirýärler. Bagdad, 28-nji oktýabr, 2019 ý.
Demonstrantlar Yrakdaky ýokary işsizlige, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň pesligine we giň ýaýran korrupsiýa garşy protest geçirýärler. Bagdad, 28-nji oktýabr, 2019 ý.

Yrakda protestçiler şaýylaryň mukaddes Karbala şäherindäki Eýranyň konsulhanasyna hüjüm etdiler. Protestçiler ýurtdaky işsizlige we parahorlyga, şeýle-de Eýranyň Yragyň içerki işlerine gatyşmagyna garşy nägileligini bildirdiler.

The Associated Press agentliginiň şaýatlara salgylanyp berýän maglumatyna görä, protestçiler Eýranyň baýdagyny düşürip, onuň ornuna Yragyň baýdagyny galdyrypdyrlar.

Internetde peýda bolan wideolarda protestçileriň “Molotow kokteýline” meňzeýän çüýşeleri konsulhananyň diwarlaryna zyňýandygyny synlasa bolýar.

Eýran resmilerinden bata-bat reaksiýa bolmady.

Demonstrantlar nebite baý ýurtdaky ýokary işsizlige, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň pesligine we giň ýaýran korrupsiýa garşy protest geçirýärler.

Bagdadda we aglaba şaýylaryň ýaşaýan ýurduň günorta sebitlerinde geçirilen protestlerde azyndan 250 töweregi adam öldürildi.

Geçen hepde peýda bolan wideoda protestçileriň ellerinde Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýiň we Kuds güýçleriniň ýolbaşçysy general Kassim Soleýmaniniň ýüzleri çyzylan plakatlaryny hem görse bolýardy.

2003-nji ýylda Yrakda diktator Saddam Hüsseýn agdarylandan soňra, Eýran bu ýurtda özüniň täsirini güýçlendirip başlady. Şeýle-de, Tähran Yrakdaky şaýy güýçlerini goldaýar.

XS
SM
MD
LG