Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda 1979-njy ýylda ABŞ ilçihanasynyň alynmagy mynasybetli ýörişler geçirilýär


4-nji noýabrda Eýranyň 1,000 töweregi şäherinde hökümet tarapyndan gurnalan ýörişler geçirilipdir.
4-nji noýabrda Eýranyň 1,000 töweregi şäherinde hökümet tarapyndan gurnalan ýörişler geçirilipdir.

Eýran 1979-njy ýylda studentleriň ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyny basyp almagynyň 40-njy ýyl dönümini we ondan soňky dowam eden 444 günlük zamun krizisini ýatlaýar.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, 4-nji noýabrda ýurduň 1,000 töweregi şäherinde hökümet tarapyndan gurnalan ýörişler geçirilipdir.

Döwlet telewideniýesi ABŞ-nyň Tährandaky ozalky ilçihanasynyň töweregine ýygnanan märekäni hem görkezdi. 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soňra, bu ýeri “içalylaryň hini” diýlip atlandyrylyp başlandy.

Fars gullugy çärä gelenleriň ABŞ-a we Ysraýyla garşy şygarlary gygyrandyklaryny hem habar berdi.

Bularyň ählisi ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Maýda prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykarypdy we Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

1979-njy ýylyň 4-nji noýabrynda studentler ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyna kürsäp giripdiler. Olar Waşingtonyň Eýranyň agdarylan şasy Mohammad Reze Pahlawanini bermekden ýüz öwüreninden soňra, 52 ABŞ-lyny 444 günläp zamunlykda sakladylar.

Şondan bäri iki ýurduň arasynda diplomatiki gatnaşyklar ýok.

3-nji noýabrda Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi iki ýurduň birek-biregi bilen “ganym duşmandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG