Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti korrupsiýa duýduryjysy baradaky kanuna gol goýdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, geçen aý parlament tarapyndan kabul edilen, korrupsiýa duýduryjysy baradaky kanuna gol goýdy.

Oňa laýyklykda, korrupsiýa barada habar beren duýduryja paranyň ýa-da döwlete ýetirilen zyýanyň 10%-i möçberinde pul serişdesi berler. Munuň üçin, paranyň 10 million griwnany ýa-da $410 müň geçmegi şertdir. Netijede, korrupsiýa barada habar beren duýduryja azyndan $41 müň berler.

Duýduryjy korrupsiýa barada işleýän edarasyna, media, raýat jemgyýetlerine, kärdeşler arkalaşyklarlaryna we Korrupsiýanyň öňüni almak boýunça milli agentlige habar berip bilýär.

Maglumatlaryň ählisi barlanar.

Mundan soňra içerki derňewi başlatmak, işi kanun goraýjy edaralaryna geçirmek ýa-da dellileriň ýoklugy sebäpli işi ýapmak boýunça karar kabul ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG