Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nangarharda YD jeňçileri owgan güýçlerine tabyn boldy


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň Açin etrabynda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň 113 agzasy owgan hökümet güýçlerine boýun boldy.

Owgan Milli armiýasynyň 201-nji korpusynyň maglumatyna görä, 1-nji dekabrda tabyn bolanlaryň 49-sy jeňçi, 21-i aýal we 43-sy çaga bolupdyr.

Beýanatda jeňçileriň howpsuzlyk güýçlerine 35 ýaragy hem tabşyrandygy bellenilýär.

“Yslam döwleti” ekstremistiki topary 2014-nji ýylda Owganystanda hem hereket edip başlandygyny ylgan edeninden soňra, bu toparyň jeňçileri maşgalalary bilen Nangarhar welaýatynyň Şinwari etrabynda we beýleki sebitlerinde toplanypdylar.

“Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçileri Owganystanda hem “Talybana” hem-de owgan hökümetine garşy söweşýärler. Topar ýurtda parahat ilata garşy amala aşyrylan ençeme hüjümiň jogapkärçiligini hem öz üstüne alypdy.

Soňky aýlarda owgan hökümeti Açin etrabynda jeňçilere garşy harby operasiýa geçirdi. Owgan resmileri 30-njy noýabrda resmi taýdan tamamlanan operasiýanyň dowamynda müňden gowrak söweşijiniň we olaryň maşgala agzalarynyň boýun bolandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG