Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda ýene ýörişleri geçirmek planlaşdyrylýar


Hong Kongda hökümete garşy ýörişler geçirilýär. 1-nji dekabr, 2019 ý.
Hong Kongda hökümete garşy ýörişler geçirilýär. 1-nji dekabr, 2019 ý.

Hong Kongda öňümizdäki bäş günüň dowamynda her gün iki sagatlyk hökümete garşy ýörişleri geçirmek planlaşdyrylýar.

Mundan öň, 1-nji dekabrdaky demonstrasiýalarda polisiýa müňlerçe protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy.

Hepde soňy geçirlen ýörişlerde demonstrantlar “biziň döwrümiziň rewolýusiýasy” we “Hong Kong azat bolsun” diýen şygarlary gygyrdylar.

Bu golaýda etrap geňeşine geçirilen saýlawlarda demokratlaryň ýeňiş gazanandygyna hem garamazdan, demokratik gymmatlyklaryň tarapynda çykyş edýän hereketiň entegem adamlary köçä toplap bilýändigini görkezdi.

24-nji noýabrdaky saýlawlarda demokratiki syýasy güýçler 18 etrap geňeşiniň 452 ornunyň aglabasyny almagy başarypdy.

Etrap geňeşleriniň kanunlary kabul etmäge ygtyýarlygy ýokdur. Olar ýollaryň, mekdepleriň gurluşygy ýaly meseleler boýunça maslahat berýärler.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler mundan alty aý töweregi ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy.

Protestçiler ýarym awtonom sebitde Hytaýyň täsiriniň barha artýandygyny, Pekiniň esasy azatlyklary we erkinlikleri çäklendirýändigini aýdyp, muňa nägileligini bildirýärler.

XS
SM
MD
LG