Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nangarhar hüjüminde bäş owganly öldürildi, ýaralanan ýapon doktory hasahanada jan berdi


Jalalabatdaky howpsuzlyk güýçleri. Arhiw suraty

Günorta Owganystanda ýapon kömek işgärini alyp gelýän awtoulagy oka tutan ýaragly adamlar ony agyr ýaralap, bäş owgany öldürdiler diýip, ýerli resmiler aýdýar.

Nangarhar welaýatynyň sözçüsi Attaullah Khogyani AÝ/AR-a bu hüjümiň 4-nji dekabrda irden, welaýat paýtagty Jalalabatda bolandygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň hökümetden aýry “Parahatçylyk ýapon saglyk hyzmaty” guramasyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tetsu Nakamura agyr ýaralandy. Soňra onuň hassahanada jan berendigi aýdyldy.

Öldürilenleriň arasynda onuň janpenalary we sürüjisi hem bar.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady. "Talyban" oňa gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Nakamura Nangarhar welaýatynda Ýaponiýanyň hökümetden aýry guramasyna ýolbaşçylyk edýär.

Ol bu welaýatda on ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we golaýda prezident Aşraf Gani tarapyndan hormatly owgan raýatlygy bilen sylaglandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG