Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti ýaragsyz we bigünä bolan protestçileriň tussagdan boşadylmagyna çagyrýar


Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani golaýda ýangyç bahasynyň birden ýokary galmagyna garşy turan gozgalaňlar mahalynda tussag edilenleri, eger olar ýaragsyz we diňe öz pikirini aýdan bolsa, türmeden boşatmaga çagyrdy.

"Dini we yslam rehimdarlygynyň görkezilmegi gerek we nebit bahalarynyň gymmatladylmagyna garşy protest bildirende ýaraglanmadyk, bigünä bolan adamlary tussagdan boşatmaly” diýip, Rohani 4-nji dekabrda telewideniýe arkaly berlen çykyşynda aýtdy.

Protestler 15-nji noýabrda, hökümetiň ýangyç nyrhlaryny 200 prosente çenli gymmatladýandygyny yglan etmegi bilen başlandy we, internetiň bir hepdeläp tasdan doly baglanmagy arkaly, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gyssagly basylyp ýatyryldy.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” biraz öň gozgalaň basylyp ýatyrylanda azyndan 208 adamyň öldürilendigini aýtdy.

Eýran sudunyň sözçüsi Gholamhossein Esmaili 3-nji dekabrda öldürilenleriň sany barada aýdylýanlary ret edip, olar “aňrybaş ýalançylyk” atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG