Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistandaky elektrik stansiýalary Türkmenistandan iberilýän togy götermeýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny ibermäge başlady. Özbegistanyň milli elektrik stansiýasynyň habar bermegine görä, “Türkmenergiýa” bilen ylalaşyk esasynda, 1-nji dekabrda 14,9 million kWt.s, 2-nji dekabrda 15,4 million Kwt.sa energiýa iberildi.

Özbegistanyň milli energiýa kompaniýasy 3-nji dekabrda sebitiň elektrik stansiýalarynyň Türkmenistandan iberilýän energiýany doly möçberlerinde kabul etmäge güýjüniň ýetmeýändigini aýtdy.

Elektrik geçirijileriniň gyzmagy netijesinde 3-nji dekabrda Samarkant oblastynyň birnäçe raýonynda 4 sagatlap elektrik kesildi. Elektrik geçiriji liniýalarda bejeriş çärelerini geçirmeli boldy.

Özbegistanyň milli energiýa kompaniýasy (Узбекистон миллий электр тармоклари) noýabryň aýagynda Türkmenistanyň döwlet energiýa korporasiýasy “Türkmenergiýa” bilen 2019-2020-nji ýyllarda elektrik energiýasyny import etmek boýunça ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Orsýetiň REGNUM habar gullugy 29-njy noýabrda “Uzbekenergo” kompaniýasynyň wekiline salgylanyp, Özbegistana Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň tölegleriniň türkmen energiýa kompaniýasynyň özbek energiýa kompaniýasynyň öňündäki bergilerini üzmek esasynda hasaplaşyljakdygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümetiniň elektrik energiýasyny öndürmegi we eksport etmegi güýçlendirýän wagtynda ýurduň ilaty hususan-da gyş aýlarynda toguň yzygiderli kesilmegi ýa peslemegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň eksport edýän elektrik energiýasynyň esasy bölegi goňşy Owganystana ugradylýar.

XS
SM
MD
LG